Ylmy taýdan esaslandyrylan toprak bejergisi ekerançylyk ulgamynyň wajyp çärelerinden birisi bolmak bilen topragy gurplandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň yzygiderli artyrmakda we ekerançylygyň medeniýetini örän uly ähmiýete eýedir.
Toprak bejergisi diýilip, ösdürilip ýetişdirilýän ekinler üçin has ýaramly toprak şertlerini döretmek maksady bilen toprak bejeriji gurallar we maşynlar arkaly, oňa mehaniki täsir etmekligine aýdylýar.
Toprak bejergisi öz gözbaşyny ilkidurmuş jemgiýetinden alyp gaýdýar. Onuň ösüşiniň ilkinji döwründe toprak bejergisiniň öňünde diňe bir maksat bolupdyr. Ol hem ekiljek ekinleriň tohumlaryny topraga gömmek üçin onuň ýüzki gatyny açmak (ýyrtmak) bolupdyr.
Adamlaryň ekerançylyk önümlerine bolan isleginiň barha artmagy we olaryň aňynyň ösmegi bilen toprak bejergisine bolan talaplary hem artyp başlaýar. Emma muňa garamazdan ekerançynyň aňy entäk köp zatlara ýetmeýär. Ýaňy tohum ýere düşende ondan gögerip çykan ösümlik bilen topragyň arasynda nähili hadysalaryň bolup geçýändigine ol entäk göz ýetirip bilmeýär.
Ilkinji toprak bejeriji gurallar hem örän ýönekeý bolupdyr. Adamlar iri haýwanlaryň süňklerini, agaçdan ýasalan omaçalary we kündeleri şeýle hem ujy çüreldilen daşlary peýdalanypdyrlar. Şol gurallaryň kömegi bilen topragyň üstki gatlagyny ýüzleýje ýumşatmak we ýalpajyk keşjagazlar çekipdirler.
Wagtyň geçmegi we ekerançylyk ýylyň ýylyna gaýtalanyp durmagy bilen toprak bejeriji gurallar hem kem-kemden tämizlenişip başlaýar we pil hem-de kätmen ýaly gurallar ýuze çykýar. Ol bolsa bejerilýan zolagy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam edýar. Netijede topragyň owranyşyny we ýumşaýşyny gowulandyrmaga, ony agdarmaga we haşal otlary kesmäge mümkinçilik döreýär. Soňa bakan ýönekeýräk hem bolsa tejribäniň toplanmagy we ekerançynyň aňy ösmegi bilen ol toprak bejergisiniň hili bilen ösümliklerden alynýan hasylyň arasynda göniden-göni arabaglanşygynyň bardygyna göz ýetirip başlaýar. Sebäbi bejerilýän gatlak birneme çuňlaşyp onuň hili gowulaşdygyça hasyl hem artyp başlaýar.
Ilki döwürlerde toprak bejeriji gurallary adamlar öz güýçleri bilen çeken bolsalar, soňa bakan ýer sürmek üçin öý haýwanlaryny ullanyp başlaýar. Bu bolsa toprak bejeriji gurallaryň öňkä görä kämilleşmegine ýardam edýär. Netijede künne ýaly ýer sürülýän gurallar, soňa baka bolsa azal ýuze çykyp başlaýar.
Azally bejergi müňlerçe ýyllar bäri dowam edip gelýär. Ol ilkinji gezek gadymy Rimde döräpdir. Şolar azallar Ýewropada XIX asyryň başlarynda ulanylyp başlaýar. Häzirki zamanda ulanylýan hemme taraplaýyn kämilleşen azallaryň esasyny düzýän hem Rim azallarydyr. Soňra ol azallar birnäçe özgermelere sezewar edilipdir. Azalyň kämilleşmegi we ondan başga-da birnäçe goşmaça toprak bejeriji gurallaryň ýuze cýkmagy häzirki zamanda toprak bejergisiniň usullarynyň kämilleşmeginiň we bejerginiň hiliniň ýokarlanmagyna alyp geldi.
Toprak bejergisi uzak wagtlaryň dowamynda diňe bir önümçilik taýdan bolman, eýsem ylmy taýdan öwrenilip gelindi. Toprak bejergisi barada ylmy taglymatyň ösmeginde Dokuçaýewiň, Kostyçýewiň, Yzmailskiniň, Wilýamsyň, Tulaýkowuň we başga-da birnäçe rus alymlarynyň geçiren işleriniň ähmiýeti örän uludur. Türkmenistanyň şertlerinde hem toprak bejergisi onlarça ýyllaryň dowamynda öwrenilip gelinýär. Bu babatda uniwersitetimiziň garamagyndaky ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň we onuň welaýatlardaky tejribe stanýalarynyň geçiren derňewleri we olaryň netijesinde alynan ylmy maglumatlar biziň ýurdumyzda toprakçylyk ylmynyň ösmeginde uly ähmiýete eýedir.
Arazmyradow Hangeldi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby