Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýuny belläp geçýär.
Häzirki döwürde Watanymyz özgertmeleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler durmuşa geçirilip, iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler ýerine ýetirilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan hem hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dabaraly maslahatlar we öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär.
Bekiýewa Aýgül
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby