Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy babadaýhanlaryň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähribän topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär.

Agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny bu baýramçylykda tutuş halkymyz baýram edip toýlaýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.

Şu pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !

 Babamuradow Maksat

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby