Bu häsiýetleri mineral düzümi, gidrofilligi we özünde himiki elementleri saklaýjylygy boýunça kesgitlenýär. Minerallar 2 topara bölünärler: ilkinji we ikilenji (toýun), ilkinji minerallar topragyň 0,001-0,0001 bölejiklerinde köpdür. Ikilenji minerallar dispersligi (aşa pytraňlygy), görwümi kolloid we kolloidden öňki topragyň emele gelmgi we onuň fiziki-hiiki häsiýetleri üçin ilkinji we ýokary derejede pytraň minerallaryň ähmiýeti uludur. Mineralar topragy emele getirýän garyndyda, esasy iýmit çeşmegi bolup durýarlar. Meselem glaukonit, muskowit, biosit şu minerallardaky kalsini ösümlikler oňat özleşdirýärler. Toýunsow minerallar toprakda fosforyň magniniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ilkinji minerallaryň toprakda saklanyşy boýunça: topragyň granulometiki düzümini, suw geçirijiligini, çyglylyk saklaýjylygyny kesgitläp bolýar. Ilkinji minerallar, ikilenji minerallaryň emele gelmeginiň çeşmesidir. Toprakdaky toýun saklaýjy minerallar boýunça, onuň çişmek, süzüp geçirmek, suw geçirijilik häsiýeti kesgitlenýär. Toýunsow minerallar toprak erginlerinden şol bir kationlary sorup alyp, olary beýlekiler bilen çalyşyp, ösümlikleri iýmitlendirmegiň çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Toýunsow minerallar toprakda giden bir siňdiriji ulgamy emele getirýärler, olaryň ululygy minerallaryň düzümi we hili boýunça kesgitlenýär.

Çägeli topraklarda toýunly minerallardan gidroslýud, koalinit, montmorillonit duşýar. Gidrosludlaryň siňdirijilik ukyby uly däldir. (35 mg · ekw/100 gr toprak). Topragyň dispersion häsiýetiniň ýokarlanmagy bilen gidroslýud minerallardan kaliý ösümlikler üçin elýeter bolýar. Koalinit örän pes çalşykda bolup, koalinitli topraklarda kationlaryň çalşygy, iýmitlik maddalar azdyr. Montmorillonitiň siňdirijilik häsiýeti ýokary bolup, bu topraklarda kationlaryň çalşygy kadalydyr.

Çägesow topraklarda toýun bölejikleriniň az bolmaklygy, onuň baglanyşygyny we strukturasyny gowşadýar. Toprakda gumusyň köpelmegi bilen bu ýagdaýlar üýtgeýär.

 Bahramow Ilýas

Türkmen oba hojalyk institutynyñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby