Belli bolşy ýaly, ähli görlen çäreler işläp duran kärhanalaryň zyňyndylarynyň normadan çykmazlyklaryny üpjün etmeklik we daşky gurşawuň sanitariýa-gigeniki kadalara gözegçilik etmeklige gönükdirilendir. Tebigatdan peýdalanmak bilen ekoulgama ýetirilen zyýan ýada tebigata ýetirilen ýitgini ýene yzyna dikeltmek örän kyndyr. Köp müňýyllyklaryň dowamynda suwlaryň hapalanmagy netijesinde gymmat balyklar azaldy ýa-da tokaý ekoulgamynda ýitgiler köp boldy.

Adamlaryň saglygyna, tebigy ekoulgama, daşky gurşawa edilýän täsirler bilen baglylykda birnäçe çäreler hem hereket edýär. Bu çäreler taslama dokumentleriniň ýa da taslamadan öňki dokumentleriň üsti bilen ýüze çykýan howpuň hökmany suratda öňüni alýarlar. Munuň üçin goşmaça obýektlere hemme taraplaýyn baha berýän ulgamlar bar, ekspertiza bar. Umuman ekspertiza diýlip, nähili hem bolsa bir obýekte dogry baha bermek ýa-da ol barada dogry netije çykarmak maksady bilen edilýän gözegçilige aýdylýar.

Ekologiki ekspertiza – bu hojalyk we adamlaryň beýleki.işjeňlikleriniň, jemgyýetiň ekologiki howpsuzlygyna dogry baha berlen çäreleriň ulgamydyr. Ekologiki ekspertizanyň çykaran netijeleri bilen käbir howpuň öňüni almak mümkin. Ekologiki ekspertiza bu çylşyrymly çäreleriň toplumydyr. Bu hünärmenleriň ekspermental gözlegleriniň eksperiment bahasyny, gözleg işleriniň matematiki modelirlemegini öz içine alýar. Käbir ýagdaýlarda ekologiki ekspertiza madisina we sanitariýa-gigiýena işleri bilen bile geçirilýär.

 Aşirowa Laçyn

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby