Bu model iň soňky kuwwatly hereketlendirijiler bilen ornaşdyrylandyr.
Hytaýdaky FAW Toyota kärhanasynda täzelenen “Toyota Avalonyň” köpçülikleýin önümçiligi başlandy.
Daşarky, tanalýan görnüşini kän bir üýtgemedi. Şeýle-de bolsa, “Avalonyň” içinde has möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi, esasan hem kabinada 12 dýuým ekranly “Qualcomm Snapdragon 8155” esasly täze media ulgamy ornaşdyryldy we täzelenen bezeg materiallary ulanyldy.
Model üç dwigatel bilen elýeterli bolar: 2,0 litrlik benzin (152 at güýji), 2,0 litrlik gibrid (173 at güýji) we 2,5 litrlik gibrid (230 at güýji) ulanyldy. Awtoulagyň ölçegleri öňküligine galdy, has takygy: 4990 x 1850 x 1450 mm-e deň boldy. Täzelenen “Avalonyň” resmi premýerasy geljek aýlarda belli bolar we awtoulagyň bahalary şol wagtda yglan ediler.
Täjimow Reýimbaý
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 4-nji ýyl talyby