Pagta zawody dünýäde öndürilen süýümleriň takmynan 35% -ini üpjün edýär we bu nukdaýnazardan dokma pudagynda ulanylýan iň möhüm ösümliklerden biridir. Hytaý döwleti köp ýyl bäri pagta ösdürip ýetişdirmek boýunça dünýäde öňdebaryjy bolsa-da, Hindistan we ABŞ soňky ýyllarda Hytaýy yzda galdyrdy. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda ABŞ dünýädäki pagta eksportynyň üçden bir bölegini tutýar we bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýar.
Pagtanyň jemi içerki önüme goşantlaryna seredeniňde, umumy söwdanyň bary-ýogy 0,12% -ini emele getirýän, esasanam ösen ýurtlarda ykdysady işjeňligiň kiçi bir bölegi bolup durýandygy görünýär. Şeýle-de bolsa, Günbatar we Merkezi Afrikanyň käbir ösmedik ýurtlarynda pagta öndürmek möhüm rol oýnaýar. Benin, Burkina Faso, Çad, Mali we Togo ýaly ýurtlarda pagta jemi içerki önümiň 5-10% -ini, eksport girdejileriniň üçden birinden gowragyny we oba hojalygynyň eksportynyň üçden iki bölegini düzýär. Afrikanyň möhüm pagta öndürijileriniň hataryna girýän we ösýän ýurtlar hökmünde toparlara bölünen Piliory kenarlarynda we Kamerunda pagta önümçiligi degişlilikde jemi içerki önümiň 1,7% we 1,3% -ini emele getirýär. Pagta, Afrikanyň daşyndaky käbir ösýän ýurtlar üçin umumy eksportyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda pagta eksporty umumy haryt eksportynyň degişlilikde (Özbegistanda 8% we Täjigistanda 8,2%; Türkmenistanda 4%) bolup, bu ýurtlaryň jemi içerki önümine ep-esli goşant goşýar.
Beýleki ýurtlara seredip geçsek – takmynan bäş million daýhanyň pagta ösdürip ýetişdirýän ýurdy bolan Pakistanda pagta öndürmek jemi içerki önüme 10%-ine goşant goşýar. Pagta, Türkiýäniň hem umumy oba hojalygynyň möhüm bölegini eýeleýär. Türkiýede pagta önümçiligi jemi içerki önümiň takmynan 1% -ini we senagat ekinleriniň umumy önümçiliginiň 5% -ini emele getirýär.
Dünýädäki iň uly pagta öndürijiler Hytaý we Hindistan bolup, bu iki ýurtda jemi içerki önümiň 1% -ini emele getirýär.
Braziliýada pagta önümçiligi jemi içerki önümiň 0,2% -ini emele getirýän bolsa, bu pudakda Argentinada jemi içerki önümiň bary-ýogy 0,03% -ini emele getirýär.
Gunça Nazarowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Ösümlikçilik kafedrasynyň
mugallymy