Biziň ýurdumyzda özboluşly tebigaty goramak, rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdeleri üznüksiz artdyrmak, atmosfera howasynyň hapalanmagyny azaltmak, çölleşmäge hem-de tokaýlaryň ýitip ýok bolmagyna garşy göreşmek, ekologiýa taýdan wagyz etmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry diýip kesgitläp, bu babatda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hakykatda, Aşgabat halkara derejesinde bu meseleleriň ara alyp maslahatlaşylýan ýeri boldy, bu ýerde, ekologiýa meseleleri boýunça halkara ylmy maslahatlar, iş duşuşyklary, konferensiýalar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda şeýle forumlaryň bimäçesi geçirildi. Olar howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramagyň meseleleri, milli seýilgähleri.döretmegiň geljegi, tokaý resurslaryny durnukly dolandyrmak we şulara degişli ençeme beýleki möhüm.temalary gozgadylar.
Türkmenistan ekologik taýdan howpsuz we dumukly ösüşe özüniň meýillidigini iş ýüzünde görkezýar. Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan daşky gurşaw baradaky esasy halkara konwensiýalaryň 8-si tassyklandy we bu ylalaşyklaryň hem-de maksatnamalaryň düzgünnamalaryna esaslanmak bilen, ýurdumyz.sebitleýin we dünýä ekologik meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar, şeýle hem bu babatda beýleki döwletler bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy saklaýar.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak biziň ýurdumyzda ylmy barlaglaryň ileri tutulýan meselesi boldy hem munuň özi global gün tertibiniň iň derwaýys meselelerini çözmekde Türkmenistanyň işjeň pozisiýasyny aýdyň beýan edýär.
Berdiýewa Merjen
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby