Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda himiýa we nebitgaz himiýasy senagatyna aýratyn orun berilýär. Bu pudaklaryň ýaýbaňlanyp ösmeklerine biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bardyr. Sebäbi Türkmenistan himiýa senagaty.üçin zemr bolan mineral serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Baý tebigy serişdeleriniň doly möçberli, toplumlaýyn özleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň uly geljegi nazarlaýan pudagy bolan himiýa industriýasynyň strategik.wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda himiýa we nebitgaz himiýa önümlerinden mineral dökünler, tehniki ýod, brom, polipropilen, sulfat natriý öndürilýär. Türkmenistanyň himiýa pudak edaralaryna we kärhanalaryna “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, “Maryazot önümçilik birleşigi”, “Hazar” himiýa zawody, “Balkanabat” ýod zawody, “Tejenkarbamid” zawody, “Türkmenabat” himiýa zawody, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi degişlidirler.
Himiýa pudagynyň çig mal ýataklaryny özleşdirmegiň, häzirki wagtda hereket edýän himiýa kärhanalarynda düýpli abatlaşdyryş, döwrebaplaşdyryş we durkuny täzelemek işlerini geçirmegiň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan täze desgalary gurmagyň netijesinde himiki çig maly rejeli ulanmak, olardan dünýä standartlaryna laýyk gelýän himiki önümleri almak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek, ýurdumyzyň içerki bazarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak we daşarky bazarlara çykarmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Umuman, ýurduň himiýa çig mal serişdeleri uly möçberlerde bolup, himiýa senagatynyň ýurduň ykdysady ösüşinde öňdebaryjy orunlara çykmagyna we ýokary hilli önümleriň eksport edilmeginiň netijesinde, Türkmenistanyň walýuta serişdelerine uly goşant goşmaga doly mümkinçiligi bardyr.
Çaryýewa Zülfiýa
S.A.Nyzýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby

RU












