Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär. Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara ünsli bolmaly.
Gyş paslynda adam bedenini ýyly saklamak üçin, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, başgap, şeýle hem ellik geýýär. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, jemgyýetçilik ulaglaryna münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň ilikleri ýazdyrylmaly we başgaplar çykarylmaly. Çünki wagtlaýyn ýyly ýere girip, derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.
Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur agzasydyr. Aýaklarymyz näçe ýyly bolsa, bedenimiz şonça-da ýyly bolýar. Ýöne ene-atalar çagalaryna ädikleriniň içinden ýyly joraplary geýdiren ýagdaýlarynda, ýygy-ýygydan ony barlap durmaly, eger aýaklar derlän bolsa, onda joraplaryny we ädiklerini çalyşmaly.
Şulardan ugur alyp, her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we geýinmeli.
Annamyradowa Selbi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

RU



