Raýat jemgyýeti we onuň döwlet bilen özara gatnaşyklary esasan şu pursatlar bilen häsiýetlendirilýär:

– raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi we ösmegi raýatlaryň deňliginiň ýörelgesiniň ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr;

– raýat jemgyýeti hususy eýeçilige we eýeçiligiň beýleki görnüşlerine, bazar ykdysadyýetine, assosiasiýalaryň, birleşikleriň erkinligine esaslanýar;

– raýat jemgyýeti döwlet bilen bir hatarda, özbaşdak güýç hökmünde onuň bilen özara gatnaşykda bolmak bilen hereket edýär;

– raýat jemgyýeti subýektleriň arasyndaky gorizontal aragatnaşyklaryň (koordinasiýa ýörelgesi) esasynda gurlandyr we ol.öz- özüni guramak hem öz-özüni dolandyrmak häsiýetine mahsus bolan ulgamdan ybaratdyr;

– raýat jemgyýeti erkin raýatlaryň – eýeleriň bileleşigidir;

– raýat jemgyýetiniň ösmegi we hukuk döwletliliginiň kemala gelmegi bilen jemgyýetiň we döwletiň ýakynlaşmagy, olaryň birbirine aralaşmagy bolup geçýär;

– düýp mazmuny boýunça bolsa, hukuk döwleti raýat jemgyýetini guramagyň usulydyr, onuň syýasy görnüşidir;

– raýat jemgyýetiniň we hukuk döwletiniň özara gatnaşyklary hukuk, demoktratiki jemgyýeti emele getirmäge, demokratik sosialhukuk döwletini döretmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, “raýat jemgyýeti” düşünjesi jemgyýetiň ösüşiniň belli bir derejesini, onuň ýagdaýyny, durmuş-ykdysady, syýasy we hukuk taýdan ýetişmeginiň derejesini häsiýetlendirýär. Biziň ýurdumyzda amal edilýän wezipeler ilki bilen ýşaýyş-durmuş maksatly, garyşyk görnüşli ösen bazar ykdysadyýetini döretmeklige gönükdirilýär. Çünki, täze Galkynyş eýýamynda türkmen jemgyýetinde bolup geçýän özgerişler raýat jemgyýetiniň ýetişmekligi üçin gerek bolan esaslaryň döreýänligini görkezýär.

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk unwersitetiniň Agroekolagiýa fakultetiniň Agroekolagiýa taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby Hallyýewa Gülnabat