Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetçilik ýaşaýşymyzyň we döwletimiziň işiniň ähli ugurlary boýunça toplanan ägirt uly potensialy halkymyzyň abadançylygynyň hem-de döwletimiziň yzygiderli gülläp ösmeginiň hatyrasyna netijeli peýdalanmak Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň, şol sanda tutuş döwlet gurluşymyzy kämilleşdirmegiň hem baş maksady bolup durýar. Milli döwletlilik binýatlaryny kämilleşdirip berkitmegiň zerurlygy döwletimiziň barha tizleşýän depginlerde ösýän ykdysadyýetiniň, gün günden işjeňleşýän we bütin dünýäde has giň meşhurlyga eýe bolýan daşary syýasatynyň, dünýäniň ençeme halklary bilen hemmetaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlyga giren medeniýetimiziň zerurlyklaryndan hem-de beýik özgertmeler zamanasynyň gaýragoýulmasyz talaplaryndan gelip çykýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetdäki syýasy, ykdysady, medeni we gaýry gatnaşyklaryň güýçli depginler bilen çalt we yzygiderli ösýänligi sebäpli döwlet edaralarynyň şol gatnaşyklary dolandyryp, olary adamyň, jemgyýetiň we döwletiň utgaşdyrylan bähbitlerini gazanmaklyga göniikdirmegiň möhümligi gelip çykýar. Şolary sazlaşdyrmak esasynda milli döwlet ýurduň maddy baýlyklaryny millete siňdirýär hem onuň ruhy gazananlaryny rejeleýär. Ol milletiň öz durumuşyny içki taýdan gumamagyň taryhy usuly bolup çykyş edýär. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jemlenýär. Şu işi amala aşyrmakda döwlet aňyýeti aýratyn orna eýe bolýar. Öz taryhyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkyna ähli döwürlerde öz durmuş-medeni nusgasyny döretmeklik häsiýetli bolandyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň asyl gymmatlyklary, däp-dessurlary esasynda milletiň medeniýet döredijilik ukybynyň artmaklygy aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Azatgül BAÝRAMGELDIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 3-nji ýyl talyby