Ata watanymyz bu günki günde bagtyýar ýaşlaryň ýurdy hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem türkmen ýaşlaryna ullakan mümkinçilikleriň, täze gadamlaryň ýyly diýsek ýalňyşmarys. Ýurdumyzda ýaşlara okamana, işlemäne, gurmaga, döretmäge, erkin dördijilik bilen meşgullanmana giň mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde dürli görnüşli bäsleşikler geçirilýär. Şeýle çäreleriň birine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada, ýurdumyzyň işjeň ýaşlaryna “Ýaşlar baýragy” gowşurylmagyny aýtmak bolar.

Bu baýragyň eýesi bolanlarlar dürli ugurlarda tapawutlanýan ýaşlar bolup, olara ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlary, öňdebaryjy talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli minstrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri bolup durýarlar.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçirilen bu dabarada dürli ugurlardan işjeň ýaşlary hormatly sylaglara mynasyp boldy. Baýraga eýe bolan ýaşlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndaky gymmat bahaly sowgatlar, gül çemenleri, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly”atly kitap, şahadatnamalar gowşuryldy. Jemi 135 adam Türkmenistanyň “Ýaşlar baýragy” bilen sylaglanyp, olary içinde biziň ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Albina Zakirjanowanyň şeýle-de Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl Toraýew Merdanyň bu baýraga mynasyp bolmagy has-da guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmen ýaşlaryna şeýle mükinçilikleri döredip berýän, ekin döredjiligine, täze üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiziň minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli döwletli işleri dowamat dowam bolsun!

                                                                                            Firuza Dosçanowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby