Türkmenistan garaşsyzlykdan öňki sowet döwründe-de önümleri ýurduň daşyna uly möçberlerde çykarýan respublikalaryň hataryna girýärdi. Ýurduň daşyna tebigy gaz, nebit, pagta süýümi, gök önümler, bakja, garaköli bagana we ençeme beýleki önümler arzan bahalar bilen çykarylýardy.

Ýurduň daşyndan, gymmat bahalar bilen, azyk we ilatyň sarp edýän azyk däl harytlary getirilýärdi. Ýöne bu ýerdäki gatnaşyklary daşary söwda gatnaşyklary hökmünde häsiýetlendirip bolmaýar. Sebäbi jemgyýetiň syýasy ulgamynda boluşy ýaly, onuň ykdysady ulgamynda hem özytyýarlyk ýokdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň özbaşdak daşary ykdysady syýasaty döredildi we ösdürildi.

Türkmenistanyň eksportynyň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň möçberiniň tebigy gazyň daşary ýurtlara çykarylyşy bilen jebis arabaglanyşyklylygy bolup durýar. Tebigy gazyň eksport önümleriniň umumy möçberindäki paýy 50%-den hem geçýär.

Ýurdumyzyň içerki bazaryny giňden öwrenmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi has-da köpeldiler we olaryň.görnüşleri giňeldiler. Harytlaryň giň görnüşleriniň ýeterlik möçberde ýurdumyza getirilmegi haryt bolçulygynyň döremegine getirer we olaryň bahalarynyň durnukly bolmagyny hem peselmegini üpjün eder.

  Han KERIMOW

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby