Gurakçylyga we topragyň şorlulygyna mekgejöwenden we arpadan hem durnukly we ýokary hasylly ekin. Köpýyllyk geçirilen tejribeleriň maglumatlary boýunça (Demirgazyk Kawkazda) dänelik jöweniň hasyllylygy 29,3 s/ga, mekgejöweniňki – 25 we ýazlyk arpanyňky – 18,8 s/ga deň bolupdyr. Türkmenistanda Lebap we Mary welaýatlarynda jöwen, mekgejöwen, sudan oty bilen şorlaşan ýerlerde geçirilen tejribeleriň maglumatlary boýunça, jöwen dänelik we siloslyk hasylynyň ýokary bolamagy bilan tapawutlanypdyr.

Jöwen köptaraplaýyn ulanylýan ekin. Dänesi – un, ýarma almak üçin, ýokumlylyk derejesi güýçlendirilen utgaşykly ot-iým taýýarlamak we senagatda krahmal öndürmek üçin gymmatly çig maldyr. Afrikanyň, Hindistanyň, Gündogar Aziýanyň köp ýerlerinde esasy azyk onümidir-çöregidir. Onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem möhüm azyklyk, ot-iýmlik ähmiýeti bar. Azyk ekini hökmünde dünýäde bugdaýdan we şalydan soň, jöwen üçinji orny eýeleýär.

Jöweniň gök synalary (baldagy, ýapragy, golçury, sübseligi) ter, silos görnüşinde örän gowy ot-iýmdir. Jöwen otunyň ýokumlylyk gymmaty mekgejöweniňkiden sähelçe pes bolýar. Jöweni gür ekip, ondan gowy bede hem taýýarlanýar. Jöwen orlandan soň, onuň düýbünden täze şahalar ösüp çykýar. Ol bolsa gök ot meýdany bolup

hyzmat edýär.

Jöweniň 100 kilogram dänesinde 119 ot-iýmlik birligi saklanýar. Gök otunda 23,5, silosynda – 22 we bedesinde 49,2 ot-iýmlik birligi bolýar. Jöweniň dänesinde 15 göterime çenli lizine baý protein, baldagynda 10-15 göterime golay gantlar saklanýar. Gantly jöwende- şeker çiňriginde gantlar has köp saklanýar. Köp ýurtlarda ondan gant alynýar we örän süýji içgiler taýýarlanýar. Sübselik jöwenden sübseler we şýotkalar taýýarlanýar. Jöweni köp ekinleriň daş töwereginde, gorag zolagy hökmünde ulanmak bolýar. Ösgün boýly jöwenleri ekinleri epgek ýellerden goramakda gorag zolaklarynda ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär. Samanyndan kagyz hem alynýar.

 Zulfiýa GENJIÝEWA

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda )taýýarlyk ugryny 3-nji ýyl talyby