Häzirki wagtda Hytaý, Hindistan, ABŞ, Russiýa, Awstraliýa, Kanada, Ukraina, Türkiýe we Gazagystan ýaly ýurtlar dünýäde iň uly bugdaý öndürijiler hasaplanylýar. Hytaý bilen Hindistan öndürýän bugdaýyny içerki bazarynda sarp etseler, Türkiýe we Gazagystan bugdaý ununy gaýtadan işleýär we dünýä bazarynda biri-biri bilen bäsleşýärler. Şol sanda ABŞ, Russiýa, Awstraliýa, Kanada we Ukraina bugdaý eksportynda iň öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýärler.
Russiýa 2023/2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende önümçiligi azalsa-da, 2024/2025-nji ýylda 52 million tonna dünýä bugdaý eksportçysy hökmünde liderligini dowam etdirer diýlip garaşylýar. Awstraliýa, Argentina, ABŞ, Gazagystan we Kanada üçin eksportyň has ýokary derejisi gazanylmak bilen Ukraina we Türkiýe üçin has pes bolmagyna garaşylýar.
Aýbibi Kutlyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy