Dary ösümligi esasanda düzümine girýän beloklar we mikroelementler myşsalaryň we içki organlaryň saglygyny goldaýar. Süýüme baý beýleki däneliler ýaly, däne holesterini peseltmäge, gandaky şeker derejesini kadalaşdyrmaga we açlygy kanagatlandyrmaga kömek edýär. Ondan başgada düzümindäki antioksidantlary we ösümlik belogy bagry arassalaýar, ony dikeltmäge kömek edýär. Köplenç bagyr kesellerinde bedende çişme hadysalary ýüze çykýar, dary ösümligi kabul edilende düzümindäki antioksidantlaryň kömegi bilen olary aýryp bolýar.

Süýji keseli bilen kesellänlere diňe suwda bişirip iýmeklik maslahat berilýär. Mundan başga-da, dary ýodyň siňmegine päsgelçilik döredýär, tiroid keselleri bar bolsa, ony ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilmeýär, aşgazanyň kislotasy ýokary, ýaralar ýa-da gastrit, böwrek keseli, gut ýa-da kalsinoz bilen kesellänler dary tagamlaryna göz aýlamalydyrlar.

Tiroid patalogiýasy bolan näsaglar üçin ýod maslahat berilmeýär, sebäbi ýod üpjünçiligine päsgel berýär. Aşgazanyň kislotasy pes we ýygy-ýygydan iç gatmagy bolan adamlar hem saklanmalydyrlar. Şeýle hem ony .üçinji aýa giren göwreli aýallar seresaplyk bilen ulanmalydyrlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

Orazgül MYRATDURDYÝEWA