Mälim bolşy ýaly türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
Türkmenistan ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklaryň ysnyşmagynyň, olaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşmagynyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyny, medeniýetleriň özara aralaşmagyny we özara baýlaşmagyny mübärekleýär, höweslendirýär. Türkmenistan döwletleriň we halkara jemgyýetçiliginiň uruşlardan, dawalardan, tebigy apatlardan, heläkçiliklerden, keselleriň giň ýaýramagyndan we olaryň netijelerinden ejir çeken ýurtlara kömek bermek baradaky tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we göçmäge mejbur bolanlaryň hukuklaryny üpjün edýän esasy halkara-hukuk namalaryna goşulýar, şol adamlar üçin durmuş-syýasy kepillendirmeleri we zerur bolan ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýar.
Şu pursatdan peýdalanyp ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bäbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Güljahan ATAGYLYJOWA ANNAGYLYJOWNA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiyasynyň diňleýjisi