Pikirlenme çylşyrymly iş bolup, ol ýönekeý elementlerden, düzüjilerden durýar. Olara operasiýalar diýilýär. 1. Analiz öwrenilýän bitewini düzüjilere, elementlere, böleklere dargatmakdyr. Ol 2 görnüşde bolýar: a) material analiz – predmetleri real dargatmak. Mysal üçin, mehanizmi söküp görmek. b) Teoretiki analiz – pikirde, akylda ýerine ýetirmek. Ol çaga öwredileninde amaly görnüşinden başlaýarlar. 2. Sintez – elementlerden, böleklerden, düzüjilerden arabaglanyşyklara girizip, bitewini emele getirmekdir. Ol hem nazary ýada amaly bolýar. Analiz bilen sintez berk baglanyşyklydyr. Bitewilik böleklere bölünip analizlenýär, ol pikirde umumy bir bitewilige birleşdirilip sintezlenýär. 3. Deňeşdirmek – belli bir alamatlary boýunça predmetlerdäki meňzeşligi, tapawutlary ýüze çykarmak. Ol öwrenmegiň başlangyç formasydyr. 4. Klassifikasiýa – obýektleri, hadysalary boýunça toparlara, böleklere dargatmakdyr, degişli etmekdir. 5. Abstragirlemek – öwrenmek maksady bilen predmetiň belli bir hilini, alamatyny ýüze çykarmak we ulanmak, beýleki hillerini inkär etmek. Şeýle usullar bilen abstrakt düşünjeler kemala getirilýär, döredilýär. Gönüburçluk sözi abstraksiýa. Gönüburçlugyň özi ýok, gönüburçly predmetler bolýar. Ähli ylymlar abstrakt düşünjelerden durýar. 6. Umumylaşdyrmak – adamy gurşap alýan daşky dünýäde obýektleri, hadysalary, olaryň hillerini we häsiýetlerini öwrenmek, psihikada saklamak mümkin däl. Şonuň üçin maglumaty gysgaltmak, umumylaşdyrmak talap edilýär. Obýektleriň, hadysalaryň düýpli alamatlarynyň we olaryň baglanyşyklarynyň ýüze çykarylmagyna umumylaşdyrmak diýilýär. Bu usul bilen umumy abstrakt bilimler, düşünjeler, kanunlar, düzgünler döredilýär. 7. Takyklaşdyrmak – umuman hususy, takyk ýagdaýlara geçmeklik. Umumyny takykda ulanmaklykdyr.
Begmyrat SARYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 5-nji ýyl talyby