Spireýa-Spiraea. Köp şahaly, boýy 3-4 metre çenli. Onuň örän köp we sada gülleri bardyr. Spireýalaryň hemmesi ýaprakly gyrymsy agaçlardyr. Ösümlikleriň köpdürlüligine garamazdan, ony özüne çekiji ysy bilen beýlekilerden tapawutlandyryp bolýar. Onuň güli üljäniň gülüni ýadyňa salýar. Sortuna baglylykda ak, gülgüne, sarymtyl, goýy gyrmyzy reňklerde bolýar. Ownuk owadan ýapraklarynyň hem güle meňzeşligi bar.

Gülleýiş döwrüne baglylykda spireýa iki topara bölünýär: bahar gülleýän we tomus gülleýän. Bahar aýlarynda gülleýänleriň gülleri geçen ýylky pudagyndan emele gelýär. Tomus gülleýänleriň gülleri şu ýylky baldagyndan emele gelýär.

Spireýany güýz aýlary we ir baharda ekmek amatly. Spireýany çybyk arkaly, şahasyny ýatyryp gömmek we düýpden çykanlary arkaly köpeldip bolýar. Iň amatly usuly şahasyny ýatyryp gömmek arkaly köpeltmekdir. Bahar aýlarynda ýaş baldagyny saýlap almaly, gömjek ýeriňi çukur gazmaly we şahany egmeli, üstüne daş goýup, çukury toprak bilen gömmeli.Bütin tomus aýlarynda, goýlan daş böleklerini aýyrman, topragy çyglandyryp durmaly. Daşyň aşagynda toprak çyglylygyny oňat saklaýar, bu bolsa kök ulgamynyň oňat emele gelmegine getirýär.

Spireýa idegi köp talap etmeýär, ol toprak saýlamaýar. Gurply topraga ekilende, iýmitlendirilmese-de, köp ýyllap şol bir ýerde

ösüp, gülleýär. Spireýa aram, ýumşak topragy halaýar. Gurakçylyga we sowuga çydamly.

Bu gyrymsy agajy güýz aýlarynda ekseň, gazaply gyşy gowy geçirer ýaly, üstüni ýapmaly. Ýaz aýlarynda ekilende bütin tomsuň dowamynda suwaryp, çygly saklamaly. Gurpsyz toprakda ir baharda spireýany iýmitlendirmeli. Toprak gurply bolsa, iýmitlendirmek hökman däl. Esasan tomus gülleýän spireýany toprak çygly bolar ýaly, hökman suwaryp durmaly.

Spireýany gyrkmak gülleýiş döwrüne bagly bolýar. Baharda gülleýäni, güllenden soň gyrkmaly, tomus gülleýäni ir baharda gyrkmaly. Spireýanyň käbir görnüşleri örän tiz ösýär we garraýar. Ýaşartmak üçin gyrkym geçirmeli, garry, gury şahalaryny gyrkyp aýyrmaly.

Spireýanyň görnüşleri: Ýapon spireýasy, söwüt ýaprakly spireýa, wangutta spireýasy, alpin (dag) spireýasy.

Ýapon spireýasy-haýal ösýän, gysga boýly, uzunlygy ýarym metre ýetýär.Tomus aýlary gülleýär, galkan gül toplumyny emele getirýär.Gülleri gülgüne, goýy gyrmyzy reňkde bolýar. Ýapragy açyk ýaşyl reňkli, maýda gädilendir. Yssa we gyrakçylyga çydamly-16 gradus sowuga durnukly. Tohumlary we çybyklary arkaly köpeldilýär. Şeýle hem bezeg bagçylykda giňden ulanylýar, ýekelikde we toparlaýyn oturdylýar. Olardan gyrkyp janly haýat hem edip bolýar.

  Aýgül ATAÝEWA

  Türkmenstanyň Döwlet energetika institutynyň Ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwyň we ýangyjyň tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby