Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmagymyza getirdi.

Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistan özüniň halkara – hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu dereje ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak, il-ýurt bäbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

  Güýçbaý HOJAÝEW

 Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar bakja bagynyň aýdym-saz mugallymy