Şu gün agşam paýtagtymyzda ýerleşýän «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Ählihalk «The Beatles» gününe bagyşlanyp, dabara geçirildi. Konsert Liwerpul şäheriniň belli rok toparynyň «Let it be» aýdymyna esaslanyp, «Let it «The Beatles» (Goý, «Bitlz» bolsun) diýlip atlandyryldy. Bu britan toparyna bagyşlanyp, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän konserde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Aýnur Mahmydowa, Selim Gurbansähedow, Döwran Şammyýew, Aleksandr Koçetow dabaranyň solistleri boldular. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow fortepianoda, Ýusup Ysmaýylow gitarada, Igor Şewsow bas gitarada sazandarlyk eden bolsa, kakylyp çalynýan saz gurallary Timur Öräýew dolandyrdy. Aýdymlaryň dowamynda fortepianoçy Wladimir Mkrtumow ýerine ýetiriljek aýdymlar bilen tanyşdyryp, olar bilen bagly gyzykly maglumatlary sungat muşdaklaryna ýetirdi.
Ähli orunlaryň eýelenen zalynda sahnadakylar gyzgyn goldanyldy. Muňa her aýdymdan soň ýaňlanan elçarpyşmalar, solistlere gowşurulan gül desseleri, haýal maýdally aýdymlaryň dowamynda ýakylan el telefonyň yşyklary, sahnanyň garşysyndakylaryň aýdymçylaryň sesine ses goşup aýdym aýtmaklary güwädir.
Aýdymlary iňlis dilinde ýerine ýetiren aýdymçylaryň ählisiniň iňlis dilini suwara bilmegi konserde gatnaşyjylaryň şeýle täsirlenmeginiň bir sebäbidir. Dabaranyň aýdymçysy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Merdan Şammyýewiň aýdyşy ýaly, aýdymyň diňleýjiniň ýüregine girmegi üçin oňa düşünmek gerek. Konsertde çykyş edenleriň ählisi hem iňlis dilini gowy bilýär. Özümiň iňlis dilini öwrenmegime birnäçe zatlar ähmiýetli boldy. Şolaryň biri «Gujurly nesil» okuw merkezinde iňlis dilini öwrenmegim boldy.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow konserdiň ähmiýeti barada aýdyp, 5 ýyl öň ýurdumyzda «Bitlziň» käbir aýdymlary ýerine ýetirilipdi. Ýöne bu günki dabara rowaýaty topara bagyşlanan ilkinji taryhy konsert boldy. Biziň indiki maksadymyz — 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert bermek. Bu konsert «Million gyzyl bägüller» diýlip atlandyrylar.
Sazanda konsertde ýaňlanjak aýdym-sazlaryň garaşylmadyk sowgatdygyny aýtdy. Zenanlar sungat ussatlarynyň näme sowgat taýýarlandygyny, onuň örtügi bolan wagtyň geçmegi bilen bilerler.
Gurban BABAGULYÝEW.