Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 29 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistandaky we Owganystandaky içerki gapma-garşylyklaryň, syýasy taýdan çözülmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy, sebitleýin ýaragsyzlanmak meselesine goldaw bermek, suw, energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini tapmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan BMG-niň iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71, 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem dürli ýyllarda we dürli möhletlerde bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlandy.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi oňyn bitaraplygydyr. Onuň many-mazmuny halky häsiýetlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly düýpli eserinde şeýle ýazýar: «Biz oňyn bitaraplyk diýlip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalara goşulmazlykdan ybaratdyr».
Türkmenler asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdirler, beýik Pyragy aýtmyşlaýyn, öz döwlet binalaryny gurup, saýasynda erkin ýaşamagyň arzuwyny edipdirler. Şol sebäpli bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak olaryň ruhuna mahsusdyr we düşnüklidir. Türkmenistanyň uzak geljegi nazarlap, öňe süren oňyn bitaraplyk ýörelgesi iki sany hakyky ýagdaýy – geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutýar. SSSR-iň dargamagy we täze özbaşdak döwletleriň emele gelmegi sebitde güýçleriň täze geosyýasy mynasybetini döredip, döwletleriň täze uly geosyýasy düzümini emele getirdi. Türkmenistan onuň merkezine düşdi. Beýleki tarapdan, amatly geografik ýagdaýa eýe bolmak bilen, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygyna düşüp, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän geografik ýagdaýyň ýurduň ägirt uly mineral-çig mal gory bilen utgaşmagy türkmen bitaraplygynyň nusgasyny dünýä bileleşiginiň öňünde aýratyn ähmiýetli we özüne çekiji edýär. Türkmen bitaraplygy daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda siwilizasiýalaşan, birek-birege peýdalylyk esasynda bu tebigy baýlygy çalt we netijeli özleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygynyň nusgasy özgeren dünýäniň täze hakykatyny, häzirki zaman geosyýasatyny oňat bilmekligi özünde jemleýär we halkymyzyň milli häsiýetine, asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanýar. Bu nusgany ykrar etmek barada milletleriň dünýä bileleşigine ýüz tutmazdan ozal, goňşy döwletlere sala salyndy. 1995-nji ýylyň martynda Yslamabatda (Päkistan) YHG-ä girýän döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Duşuşykda türkmen bitaraplygyny halkara derejesinde ykrar etmek pikiri orta atyldy. Bu pikiri YHG-ä girýän on döwletiň onusy hem goldady. Soňra 1995-nji ýylyň iýulynda Kartahenada (Kolumbiýa) düzüminde 113 döwlet bolan Goşulmazlyk hereketiniň maslahaty bolup geçdi. Şonda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup (114-nji döwlet bolup) bu herekete goşuldy. Goşulmazlyk hereketi hem Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet derejesini almaga hyjuwyny biragyzdan goldady.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada ýörite Kararnama kabul etdi. Kararnamanyň hemaýatkärleri bolup Russiýa, ABŞ, Hytaý, Türkiýe, Eýran, Hindistan, Pakistan, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa, Ispaniýa, GDA döwletleri, arap ýurtlary (jemi 25 döwlet) çykyş etdi. Şeýle köp döwletleriň işeňňir gatnaşmagynda taýýarlanan möhüm resminama BMG-niň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi.
Hakykatdan-da, ýaş milli döwletiň, külli türkmeniň durmuşyndaky bu görlüp-eşidilmedik wakanyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt hadysadyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamakdyr, arkaýyn zähmet çekmek we erkana nesil ýetişdirmek mümkinçiligidir.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şol günden bäri her ýylyň 12-nji dekabry – Halkara Bitaraplyk güni dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan uly dabara bilen bellenýär.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyby.