Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýyşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhyňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.
Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Hakyda göwheri” atly täze kitaby neşir edildi. Bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde türkmen topragynda ömür sürip, yklymlaryň taryhy ösüşine hem goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir- garaýyşlaryny hem halka ýetirýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu eserini okan her bir okyja ruhy ylham, şöhratly taryhymyza buýsanç, milli mirasymyza bolan sarpa ýaly köp sanly ýakymly duýgulary paýlaýar. Bu kitap ýaşlarymyza taryhymyzy, geçmişimize içgin öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Goý Türkmen ýaşlaryna şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başlary aman, döwek galamlary ýiti bolsun.
Amangeldiýewa Maýsagözel,