Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyyzň şöhratly baý taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler biz ýaşlara watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup durýar.
Türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eser türkmen we iňlis dillerinde çap edildi. “Hakyda göwheri” atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän eýsem, Berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjyň-da beýany bolup durýar. Ýurdumyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, senetçiligiň, zergärçiligiň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalaryny döredipdirler. Milli Liderimiziň täze kitabynda: “Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriniň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar” diýen sözleri biz ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny goşalandyrýar.
Bu ajaýyp eser “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýet”, “Bürünç zamanynyň medeni ojaklary”, “Oguznama – dünýä baýlygy” we beýleki bölümlerde berilýän maglumatlar, wakalar, kyssalar diliniň baýlygy we çeperligi, pikirleriň çuňlugy bilen tapawutlanýar.
Firuza Dosçanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby