Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler.
Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi. Daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenip, giňden dabaralanýandygyny görkezýär.
Dünýä dillerini kämil öwrenmek dürli dillerde halkymyzy, Watanymyzy wasp etmek, milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, edebiýatda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleri dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Eziz Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli çärelerde talyp ýaşlaryň meýletinçi hökmünde gatnaşmaklary guwandyryjy görkezijidir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dünýä dilleri boýunça çäreleriň geçirilmegi halkara çärelerine taýýarlykly barmagy, talyp ýaşlary suhangöýlük we terjimeçilik sungatynda, daşary ýurt dillerini oňat öwrenmekde, döredijilikde başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda edilýän aladalar örän buýsandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyzda okamaga, döretmäge, bilim almaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Altyn Rozyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy.