Hyýar oty (Borago officinalis), ýumşak, ýaşyl ýapraklary we gök reňkli gülleri bilen tanalýan ösümlikdir. Bu ösümlik aşpezler we saglyk bilen gyzyklanýan adamlar üçin möhüm gymmatlyga eýe. Hyýar oty Aral deňziniň sebitlerinde giňden ýaýran bolup ol gadymdan bäri derman hökmünde ulanylyp gelýär.Hyýar oty bir ýyllyk ösümlik bolup, onuň boýy 30-60 sm aralygynda bolýar. Ýapraklary tüýli we şireli bolup, ol hyýary ýatladýan tagam bilen tapawutlanýar. Gülleriniň daşky görnüşi aýna şekilli, yşykly gök reňkde bolup, bu ösümligi bezeg üçin hem ulanmaga mümkinçilik berýär.Hyýar otunda witaminler, minerallar we antioksidantlar köpdür. Onuň düzüminde esasan immun ulgamyny güýçlendirýän C, süňkleri berkidýän Ca we Mg witaminleri, derini sagdyn saklamaga ýardam edýän Omega-6 ýag kislotalary bar.

Hyýar oty köplenç:ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda, nerw ulgamyny rahatlandyrmakda,deri kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Onuň ýapraklary we gülleri işdäaçarlar, çaýlar we çorbalar üçin goşundy hökmünde hem peýdalanylýar.

Aýşat Allaberdiýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby