Siriýa gibiskusy-Hybiskus syriacus. Siriýa gibiskusy ýapragyny düşürýän gyrymsy agaç bolup, boýy 5-6 metre barabardyr.

Gülleri ýekeleýin, iki jynsly, gülýanly, käwagt iki reňkli, ýönekeý we köp gül ýaprakly bolýar. Ýönekeý ýaprakly, ýapragynyň reňki açyk ýaşyl, ak gyzgylt, gögümtil reňkli gülleri ýekelikde ýerleşýär. Maý aýynyň ahyrynda gülläp başlaýar. Gülleýiş dowamlylygy 120 gün dowam etýär. Ol howa şertleri bilen bagly bolýar. Gibiskus ýagtylygy, ýylylygy we çyglylygy halaýan ösümlikdir. Köp gülýaprakly görnüşi wegetatiw

usulda köpelýär. Gögerijiligi 94-96%. Çaknyşdyrma netijesinde alynan Gibiskus (Hibisçus hibrida) bu görnüş soňky wagtda ýüze çykdy. Onuň gülleri “Hytaý bägüline” meňzeýär.

Miwesi köp tohumly uly goza. Sentýabr aýynda tohumlary ýetişýär. Tohumy, çybyklary bilen köpeldip bolýar. Siriýa gibiskusy bezeg bagçylykda ulanylýar. Yssa, gurakçylyga çydamly.

  Agabek ROZMETOW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby