Pagtaçylyk ýurduň jemi içerki önümini emele getirmekde, senagat pudaklaryny çig mal bilen üpjün etmekde möhüm orun tutup, ykdysady we sosial wezipeleriň çözülmegi oňaýly şert döredýär.
Pagtanyň çig mal görnüşinde däl-de, ahyrky sarp edişiň taýýar önümi görnüşinde bazara çykarylmagy pudagyň girdeji berişini 18 esse ýokarlandyryp bilýär.
Şonuň üçin ýurduň pagtaçylyk sebitlerinde nah egirme-dokma we tikinçilik kärhanalary köp mukdarda bina edilýär. Häzirki döredilen kuwwatlyklar ýurtda öndürilýän pagtanyň ýarpysyndan gowragyny senagat taýdan çuň işlemäge mümkinçilik berýär. Bu kuwwatlyklar ýene-de giňeldiler.
Häzirki wagtda pagta arassalaýjy zawodlaryň 30-sy, ýag çykarýan iri kärhanalaryň 3-si, egirme-dokama kärhanalarynyňam ençemesi işleýär.
Ýygylyp alynan pagtanyň agramynyň 33-35%-ini süým tutýar. Çigidiň paýy 60%-e barabar bolup, onuňam ýag çykymy 20-25%-e deňdir.
Bir tonna pagtadan 3000m mata, 100-110 kg ýag, 200-250 kg sarun, onlarça kilogram pamyk we beýleki önümler çykýar.
Eger pagta öndürilişi ýylda 3 mln tonna ýetirilse we ol ýurdyň içinde doly işlense, Türkmenistanyň AST-siniň (Azyk senagat toplumynyň) pagta öndürýän kiçi toplumy içerki we daşarky bazary azyk hem-de ýeňil senagat önümleri bilen doldurmaga ägirt goşant goşup biler.
Gowaça idegi, bejergini köp talap edýän ekin hasap edilýär. Ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy-da, oba hojalyk maşynlarynyň ulgamy-da çylşyrymly. Pagtaçylyk tehnologiýanyň intensiwligi boýunça öňdebaryjy pudakdyr. Iş ýüzünde suw tutmakdan başga ähli meýdan işlerini toplumlaýyn mehanizmleşdirmäge mümkinçilik bar. Emma esasan ýygym işleriniň doly mehanizmleşdirip bilmezligi zerarly, pudakda zähmet öndürijiligi heniz aşak bolmagynda galýar. Bu bolsa harajatlaryň düzüminde öz beýanyny tapýar.
Aýnur ÇOPANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 4 nji ýyl talyby