Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir. Türkmen dili – türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Ol Türkmenistanyň resmi dili bolmak bilen, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.

Häzirki zaman türkmen edebi diliniň kemala gelip başlan eýýamy Magtymguly Pyragydan başlanýar we onuň ösýän we kämilleşýän döwri täze galkynyş eýýamydyr.

Öz köküni Oguz han türkmenden alyp gaýdýan türkmen dili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. Türkmen dili daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Andalybyň … eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.

1990-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanda dil hakynda karar kabul edildi we 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda Perman kabul edildi. 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen milli elipbiýi ulanylyşa girizildi. Gadym döwürlerde türkmenler arap elipbiýini ulanypdyrlar… Türkmeniň häzirki ulanýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan Magtymgulynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. Magtymguly ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepewi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda aýratyn hormata eýedir. Häzirki döwürde türkmen dili halkara resmi duşuşyklaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň diline öwrüldi. Daşary ýurtlarda hem türkmen dili öwrenilip başlanyldy.

Nurjemal PIRIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyñ Dașoguz șäheriniň 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.