Welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde geçiriler. Olar özboluşly bezegler bilen bezeler. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanalry – Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşar.
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny tüýs ýürekden goldap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda türkmenistanlylaryň millionlarçasy Watanymyzyň röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny gurmak işine gatnaşýar. Türkmenistanyň ähli babatda okgunly ösüşi, dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp orny, maksada okgunly parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da berkitdi.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur tagallalary edýär, energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler dünýä döwletleriniň hem-de iri halkara guramalaryň giň goldawyna eýe bolýar.
Daýanç BALLYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby