Akylbek Žaparow başga işe geçmegi sebäpli, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Resmi maglumatlara görä, bu ugurdaky degişli Permana ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Habarda bellenişine görä Akylbek Žaparowyň öz islegi boýunça işden gidendigi aýdylýar, ol Ministrler Kabinetine 2021-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi.
Premýer-ministriň wezipe ygtyýarlylyklary onuň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýewiň üstüne ýüklendi. Respublikanyň kanunçylygyna görä, Ministrler Kabineti doly düzümde iş başyndan gitmezden, işini dowam eder.
Akylbek Žaparow işlän döwründe Gyrgyzystanyň jemi içerki önümini iki essä golaý artdyrdy, garyplygyň görnetin azalmagyny gazandy. Onuň hyzmatlarynyň ýene biri hökmünde Gyrgyzystanda ýeňil we ýük awtoulaglaryny öndürýän zawodyň gurlandygy bellenilýär.
Erkin ANNAGELDIÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby