“Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Dogrudan hem, saglyk güni – sagdyn durmuş, berk beden we güýçli aňyýet bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm baýramçylykdyr.

Bu günüň taryhy öz gözbaşyny 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasynyň güýje girizilen gününden alyp gaýdýar. Şondan köp wagt geçmän, şol ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň konstitusiýasy tassyklanýar. Şondan iki ýyl soňra, ýagny 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde bellenilýär.

Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçli depginde dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek bilen onuň maddy- tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär. Türkmenistan bu meseleleri çözmek boýunça halkara derejede goldanan başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi.

  Ogulkeýik Kurbanowna ANNAMUHAMMEDOWA

  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri