Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şol ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2025-nji ýylyň ady hem-de nyşany taýýarlandy.
Döwlet Baştutanymyz hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini belledi.
Mejlisiň we halkyň teklibini goldap, Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, resmi taýdan yglan etdi.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 86 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Humaý ÇARYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy