Asylly däbe görä, halkymyzda her täze ýyla özboluşly at dakylýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen diňe öňe barýan eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini ýene bir ýola arşa göterdi. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahat durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň senaly dillerinde aýdym bolup ýaňlanýar.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu kararyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyldaky mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda kabul edilmegi, dünýä jemgyýetçiliginiň bu tagallalara bolan giň goldawyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça oňyn syýasaty durmuşa geçirýär. Bu başlangyç diňe bir milli çäkde däl, eýsem, halkara forumlary, maslahatlary we beýleki çärelere gatnaşygy arkaly bütin dünýä derejesinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygary dabaralandyrmak maksady bilen dürli halkara çäreler, maslahatlar we beýleki çäreler guralar. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanýan geljege bolan ymtylyşlaryna hyzmat eder.
Goý, täze — 2025-nji ýyl her bir öýe, döwletli ojaklara rysgal-bereket getirsin! Ýurdumyz abadan, ilimiz parahat bolsun!
Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň talyby.