Irki demir asyr zamanasynda Köpetdagyň eteginde Ýelkendepe, Ýaşyldepe ýaly täze oturymly ýerler ýüze çykypdyr. Şu oturymly ýerleriň iň ulusy-da Gowşut demir ýol menziliniň günorta -gündogar tarapynda ýerleşýän Ýelkendepedir. Onuň tutýan meýdany 14,5 gektara barabardyr. Ýelkendepe şäher görnüşli bolup, onuň iki gat halkalaýyn diwary bolupdyr. Şeýle obalaryň biri-de Ýaşyldepe bolup, ol häzirki Gäwers demirýol menziliniň 4 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Şonuň ýaly-da Sarahs oazisi-de häzirki Tejen etrabyndan 70-80 km. günortada, Türkmenistanyň günorta serhedinde ýerleşip, onuň umumy tutýan ýeri demirgazykdan günorta 70 km, günbatardan gündogara bolsa 20-25 km ýetýär. Sarahs oazisiniň içinden geçýän ýeke-täk derýa Tejen derýasydyr. Ol bütin oazisiň otyrumly obalaryny suw bilen üpjün edipdir. B.e.öňki I asyryň ortalarynda bu ýerde Köne Sarahs şäherçesi bilen birlikde Bäşdepe, Möwlekdepe, Akjadepe obalary bolupdyr.

    Güljan GÖKOWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrynyň 1-nji talyby