Garpyzyň çigitleri howanyň +14+16 gradus ýylylygynda, topragyň 48-54% çyglylykda topraga ekilenden soň 5-7 günden gögerip çykýarlar.Garpyzyñ esasy ok köki topragyñ 1 m çuñlugyna aralaşyp bilýär. Gapdal kökleri topragyñ 20-30 sm sürüm gatlagynda ýerleşip 4-5 m töwerege ýaýrap bilýärler. Ol topragyñ 7-10 m2 meýdanynda ýerleşýär. Bu görkezijiler iýmlik garpyzda örän ýokarydyr.

Garpyzyň önümçilik sortlary Naharhanalyk garpyzyň önümçilik şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýänleri: Astrahan-147, Melitopol – 142, Zimniý – 340 Jeýhun we Haýyt gara. Mal garpyzyň ýokary hasylly Dishim sorty ösdürilip ýetişdirilýar. Mal garpyz Dishim ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Suwarymly şertlerde ýokary hilli agrotehniki ideg geçilende 180-200 sentnere çenli gektardan hasyl berýär. Garagum çölünde kak suwlary oýtaklarda ösdürilip ýetişdirilýän garpyz miweleriniň tagamy has süýji bolup, gektardan 85-90 sentner hasyl almaklyga mümkinçilik berýär. Garpyz ştilleri bilen ösdürilip ýetişdirilende açyk meýdanda martyň üçünji ongünlüginde (10- 20.03) çykarylýar we üsti polietilen örtükler bilen basyrylýar. Garpyzyñ sortlary: Melitopol-142 (ala garpyz), Astrahan-147 (süýnmek ala garpyz), haýt gara, sanaç garpyzy, açyk gabykly garpyz.

 Nuraly ALTYÝEW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji talyby