Onlaýn serwisleriň arasynda maglumaty saklamak üçin serişdeler – faýllaryň hostingleri bar. Eger Internete hil taýdan gowy elýeterlilik bar bolsa, olar örän peýdaly we amatly bolmagy mümkin. Faýl hostinge ýüklenilýär, şonda faýly göçürip almak üçin parol goýup bolýar, şeýlelik bilen maglumaty diňe bellibir adamlara elýeterli edip bolýar. Faýl ýüklenenden soň faýly göçürip almak üçin salgy berilýär, şol salgyny ge rekli adama berip bolýar. Şeýle hem, şol salgyny ýazyp, geljekde Internete birikdirilen islendik kompýuterden şol faýly alyp bolýar. Gizlin maglumatlaryň şeýle usul bilen berilmegi howply bolmagy mümkin. Şeýle hem, köp serwerlerde faýlyň ölçegine we ony saklamagyň möhletine çäklendirme bardyr, bu barada faýl hostingleriň düzgünlerinde, adatça, ýazylýar.

Şeýle serwisleriň mysallary:http://ifolder.ru/ http://uafile.com/

Telefonyň ýady

Häzirki zaman ykjam telefonlar ýeterlikçe uly göwrümli ýada eýedir hem-de olary uly ölçegli faýllary geçirmek üçin ulanmak bolýar. Faýllary USB simi, infragyzyl port ýa-da Bluetooth arkaly ýükläp aýyrmak bolýar.

Poçta akkauntlary

Häzirki wagtda elektron poçtanyň 1-10 Gb ölçegi hiç kimi geň galdyrmaýar. Bu ölçegi öz faýllaryňy saklamak üçin ulanmak bolýar, munuň üçin özüňe hat ibermek ýeterlikdir. Elbetde, bu ýerde faýllaryň ölçegine çäklendirme bolmagy mümkin, emma ýol bererli ölçeg ýeterlikçe uludyr. Meselem, www.mail.com poçtasynda 6 Gb-a barabar hat saklap bolýar.

Google resminamalary

Bu serwis Internetde resminamalary redaktirlemäge we saklamaga mümkinçilik berýär. Redaktirlemek üçin tekst ýa-da tablisa redaktory gerek däl, brauzer ýeterlikdir. Öz resminamalaryň üstünde dünýäniň islendik ýerinden hem özüň hem-de biri bilen bilelikde işlemek bolýar. Elýeterlilik üçin Google akkaunty ulanylýar. Serwis http://docs.google. com/ salgysy boýunça elýeterlidir.

  Merjen MEREDOWA

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby