«Taliban» radikal hereketiniň Katardaky syýasy edarasynyň wekili Suhel Şahin owgan hereketi bilen Zalmaý Halilzadeniň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň arasynda ot açmagy bes etmek hakynda ylalaşyga gol çekmek boýunça gepleşikleriň dikeldilendigini tassyklady.
«Syýasy edaranyň ýolbaşçysy Baradaryň ýolbaşçylygynda yslam emirliginiň gepleşik geçiriji topary Halilzademiň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýeti bilen ylalaşyga gol çekmek boýunça duşuşdy» diýip, ol Twitterde ýazypdyr.
2019-njy ýylyň dekabrynda «Taliban» we ABŞ üç aýlyk arakesmeden soňra Doha şäherinde gepleşikleri gaýtadan dikeltdiler. Ot açmagyň wagtlaýyn bes edilmegi hakynda ylalaşyga gol çekilmeginiň mümkindigi hakyndaky maglumata garamazdan, bu gepleşikler netije bermedi.