Esasan Orta Aziýa ýurtlarynyň gurak howa şertlerinde ulanylýar. Biziň türkmen döwletimizde ýylyň dowamynda ýagýan ygalyň mukdary 220 mm-den köp bolmaýar. Eger-de ýylyň dowamynda 450- 500 mm ygal ýagmasa, bakja ekinlerini suwaryp ösdürip ýetişdirmeli bolýar. Suwarymly bakjaçylykda bakja ekinlerine köp mukdarda suw tutulýar.Suwarymly bakjaçylyk şertlerinde garpyzdan ýokary hasyl gektardan 180-200 sentnerden hasyl almak üçin ösüş döwründe, ekilen topragyň görnüşlerine baglylykda 8-12 gezek joýalaryň kömegi bilen suw tutulýar.Ýeňil topraklarda gawun ösdürip, her gektardan 120-145 sentner hasyl almak üçin, 16-18 gezek ösüş suwy we hasyl toplaýyş suwy tutulýar. Kädi beýleki bakja ekinleri bilen deňeşdireniňde has köp mukdarda gektara 18-22 ösüş suwy bilen üpjün edeniňde, 240-350 sentner hasyl almaklyga mümkinçilik berýär.

Eýran, Owganystan, Päkistan, Gündogar Ukraina, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan, Zakawkaziýe ýurtlary, gündogar Gazagystanyň howa şertlerinde bakja ekinlerinden ýokary hasyl alynýar. Suwarymly şertlerde ösdürip ýetişdirilen garpyz miwelerinde 92-94% mukdarda suw saklanýar, şekeri 8-12% bolup Ýewropa şertlerinde suwsyz ýetişdirilen garpyz miwelerinden hili pes bolýar.

  Yslam BAÝJYKOW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 3-nji ýyl talyby