Şazada Garri we onuň aýaly Megan «Alyhezretleriňiz» titulyny mundan beýläk göterip bilmezler we indiden beýläk britan korolewa maşgalasynyň ýokary agzalary hasaplanylmaz. Bu hili çözgüdi korolewa Ýelizaweta II Garri we Megan bilen maslahatlaşandan soň kabul etdi. Korolewanyň bellemegine görä, ol heniz hem bu jübüti we olaryň çagalary Arçini öz maşgala agzasy hasaplamagyny dowam edýär.

Tituldan mahrum bolmak diýmeklik Garri bilen Megan indiden beýläk şanyň wekilleri hasaplanylmaz, resmi dabaralara gatnaşyp bilmezler we döwlet tarapyndan maliýe goldawyny almazlar diýmegi aňladýar. Olar şeýle hem öz rezidensiýalaryny abatlamak üçin sarp edilen çykdajylary gazna gaýtaryp berjekdiklerini aýtdylar.

Garri we Megan tituldan özbaşdak ýüz öwürmek barada kararlaryny 8-nji ýanwarda aýdypdy. Korolewa Ýelizaweta II bu garaşylmadyk karara närazylygyny bildiripdi.