Alma: Adamzadyň taryhynda görnetin yz galdyran, nesilden-nesle geçip gelýän rowaýatlara siňen bu miwäniň ynsan saglygyna peýdaly täsiri sanap gutarardan gaty kän: alma, adam organizmine güýç-kuwwat berýär, keýpiňi göterýär, işdäni açýar, kesellere garşy göreşmäge ýardam edýär.
Içki täsiri: Düzümindäki fitonutrisewtikler (häsiýeti boýunça antiok- sidantlara menzeş tebigy birleşmeler) gandaky holesterini azaldýar. Almanyň düzüminde C, B1 B2, P, E witaminleri, pektinler, şeker, organiki birleşmeler, karotin, kaliý, demir, marganes, kalsiý köp mukdarda saklanýar. C witamini gök almada gyzyl alma seredeniňde has köpdür. Ertirlikden öň 2 alma iýýän adamlarda ýürek-damar keselleri köp duş gelmeýär. 1 almada 5 milligramdan 50 milligrama çenli hlorogen turşusy saklanýar.Almanyň 100 gramynda 50-70 kkal bardyr. Almanyň çigdinde ýod örän köp. Bedeniň ýoda bir gije-gündizlik talabyny kanagatlandyrmak üçin alma çigdiniň 5-6-sy ýeterlik. Alma ajöze iýilende ýumşak iç sürüji hökmünde täsir edýär, çişleri gaýtarýar.
Daşky täsiri: Düzüminde ýaralaryň bitmegine ýardamly C we E witaminleri örän köpdür. Şonun üçin bir ýeriň şikeslenende elýeterde başga serişde bolmasa, bu miwäni gyryp, ulanaýmaly. Ýanykda gyrgyçdan geçirilen almadan ýapgy edilende agyry köşeşýär, çişler aýrylýar.Saçyňyz port, döwülegen bolup, öwüşginini ýitiren bolsa her gezek ýuwanyňdan soň alma sirkesi garylan suw bilen çaýkaň. Gyrgyçdan geçirilen almany ýapgy görnüşinde ulanmak maslahat berilýär.
Gyrlan almadan edilen ýapgy derini çyglandyrýar. Kapillýarlaryň diwarjyklaryny berkidýändigi üçin alma ekstrakty kuperoza garşy täsirli kremleriň köpüsine goşulýar.Almanyň düzümindäki oligozidler deriniň wagtyndan öň gasyn atmagynyň, garramagynyň öňüni almaga, ýüzüň dersindäki ýygyrtlary aýyrmaga mümkinçilik berýär, öýjükleriň regenerasiýasyny stimulirleýär, derini çeýeleşdirýär. Şoňa görä almanyň ekstraktlaryny ýüzüň derisi üçin niýetlenen kosmetiki serişdelere goşýarlar.
Lukmanlar almany gabygy bilen iýmegi maslahat berýärler. Bu tötänden däl. Bu miwäniň diňe bir maňzy däl-de, eýsem, çigidi, gabygy hem peýdalydyr.
Pektinler we kletçatkalar, ýagny almanyň iň gymmatly düzüm bölekleri onuň maňzynda saklanýar. Ortaça ululykly almada bu peýdaly maddalaryň 3 gramdan gowragy saklanýar. Munuň özi bedeniň pektinlere we kletçatkalara bolan bir gije-gündizki talabyny 10% kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Almanyň maňzyndaky iýmit süýümleri içiň gatamagynyň öňüni alýar, gany erbet holesterinden saplaýar, bedenden zyýanly gurşuny, myşýagy, ýaglaryň galyndylaryny çykarýar. Her gün 2 alma iýilende ganda holesteriniň derejesiniň 16% peselýändigini alymlar hasapladylar.
Alma düzümindäki witaminler,her gün ýekeje alma iýmek arkaly witamin ýetmezçiliginiň (gipowitaminoz) öňüni alyp bolýar diýlip hasaplanylýardy.Ýöne soňky onýyllyklarda almada A, C witaminleriniň, B toparly witaminleriň ep-esli azalandygyny barlaglar görkezýär. Meselem, häzirki almalarda A witamini geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ulanan almalarymyz bilen deňeşdirilende 2-3 esse azdyr. Diýmek, günde ýekeje alma iýmek bilen oňmaly däl. Azyndan üçüsini iýmeli.
MAKRO-MIKROELEMENTLER:
Demriň köp bolandygy üçin onuň dişlenen ýeri garalýar ahyryn. Ýöne 1-2 sany alma bilen bedeniniziň bu mikroelemente talabyny doly kanagatlandyrarys öýtmäň. Ösümlik gelip çykyşly önümlerdäki demir özleşmeýär diýen ýaly. Kaliý, kalsiý, fosfor, natriý, sink ýaly mik- rolementleri welin, alma arkaly doly alyp bolýandyr.
TANINLER:
Almada peýdaly maddalaryň bu toparynyň bardygy ýaňy-ýakynda ýüze çykaryldy. Olar peşew-jyns ulgamynyň infeksiýalarynyň öňni almaga ýardam edýär, ýürek-damar kesellerinde peýdaly, dişleri we diş etini berkidýär.
GABYGY:
Almany gabygy bilen iýmegi maslahat berýänler ýalnyşmaýar. Onun düzüminde kwersetin antioksidanty köp. Bu element be- den öýjüklerinin wagtyndan on ölmeginin önüni alýar, çişleri gaýtarýar.
ÇIGIDI:
Sagdyn ýaşaýyş ýörelgesine eýerýän, bu babatdaky her bir maslahaty berjaý etmäge çalyşýan adamlar almany çigdi bilen iýýärler. Bu tötänden däl. Ol ýoda baýdyr. Düzüminde biologiki taýdan işjeň maddalar we ragyň öňüni almaga ýardamly fermentler saklanýar. Ýöne juda köp iýilende almanyň çigidi bedene zyýan ýetiribem biler. Ownuk çigitlerde köp mukdarda sinil turşusy (zäher) bar. Şonuň üçin bir gije-gündiziň dowamynda 1 almanyň çigidini (5-6 sany) çeýnäp iýmek ýeterlik.
Alma bişirilen suw üsgülewük we hyžžyldy bolanda ýumşadyjy täsir edýär.
Gan basyşy bolan adamlara lukmanlar belli bir günde her gezek 300—400 gramdan, 1,5—2 kilogram alma iýmegi maslahat berýärler. Yöne şol gün almadan başga hiç zat iýmeli däl.
Süýji kesellilere we semiz adamlara almanyň turşy sortlaryny, ýürek-damar kesellilere, sarysy gaýnaýanlara, içinde baş barlara siiýji sortlaryny iýmek maslahat berilýär. Gowy bişen almada banandakydan 8 esse we apelsindäkiden 13 esse köp ýod bolýar. Şonuň üçin-de almany iç bur ma keseliniň öňüni almak serişdesine degişli edýärler.
JEREN GALANDAROWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy