Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat yzygiderli durmușa geçirilmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy erejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyș edýär. Halkara guramalary, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklar nusgalyk derejede alnyp barylýar, Birleșen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly Ösüş Maksatlary üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz dünýä döwletleri, șol sanda iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnasyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklar bu gün has ygtybarly häsiýete bolýar.
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada karar kabul etdi. Bu kararyň esaslandyrmasynda parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düșünjeler bolup, häzirki wagtda șol düşünjelerin döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýänligiaýratyn nygtalýar.
Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, “Dialog parahatcylygyň kepili” taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goșant goşýar. Yurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baș Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleșen Milletler Guramasynyň Baș Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleșen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dașary syýasy strategiýasynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň, deňhukukly we özara bähbitli oýlanysykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
HOJAMOWA GÜLŞAT
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy