2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli forumyň resmi saýty işläp başlady. Saýt Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Ol 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi.
Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar.
Saýt www.neutrality.gov.tm salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge, şeýle hem Türkmenistan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Täzeliklerden başga-da, ýurdumyzyň halkara durmuşyna degişli maglumatlary görkezýän fotosuratlar hem-de arhiw neşirleri bar. Ulanyjylar tarapyndan saýtda «şahsy otagy» açmak we ikitaraplaýyn aragatnaşyk mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Şolaryň kömegi bilen maslahatyň guramaçylyk toparyna elektron habarlary, soraglary, teklipleri, isleg-arzuwlary ibermek mümkin.