16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy.

Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeşeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemla getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. Dünýä medeniýetiniň iň gadymy ojaklarynyň bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de ekerançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam berdi.

Ýylyň ýylyna geçirilýän ählihalk bag ekmeklik dabarasy ynsan bilen tebigatyň aýrymaz arabaglanyşygynyň subutnamasy bolup, onuň maksady ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşky gurşawyň sagdynlaşdyrylmagyna hem-de türkmen topragynyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanladyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň, gür tokaýlyklaryň çäkleri barha giňelip, täzelenişiň we ösüşiň nyşanyna öwrülýär.

                                                         Aýsona Nepesowa

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 10-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi