Ata Watanymyzyň gözel paýtagty bolan Aşgabat şäherinde 2025nji ýylyň mart aýynyň 18-ine ýurdumyzyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmeklige bagyşlanan “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar”(IFT-2025) atly Halkara forum geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi hemde söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy.

Bu forumyň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi goldamak senagat gurluşyk ulag we syýahatçylyk ýaly ugurlary ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini nazara alýan bu uly çärä döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ýerli kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda Ukrain kompaniýalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar. Bu geçirilen çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly meýdança bolup hyzmat edýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 21 döwlete wekilçilik edýän 100den gowrak foruma gatnaşdy. Bu forum gatnaşyjy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmäge, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga we forumyň meýdançalarynda sebitleýin işewürligi ösdürmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigi bilen uly ähmiýete eýe boldy.