Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Owadan paýtagtymyzyň iň belli künjekleriniň biri bolan “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen bu halkara forum döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, ýerli kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda ukrain kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň maksatnamasy kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem senagat, gurluşyk, ulag we syýahatçylyk ýaly ugurlary ösdürmekde hususy pudagyň ornuna bagyşlanan birnäçe tematiki toparlara bölünýär. Foruma gatnaşyjylar halkara tejribesini we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we täze taslamalary we maýa goýum tekliplerini hödürlediler.

Forum ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolup, oňa gatnaşýanlar:

• senagat, ulag, oba hojalyk we IT pudagyndaky geljekli taslamalary öwrendiler;

• hususy telekeçilige goldaw bermek boýunça çäreler barada maglumat aldylar;

• halkara we ýerli maýa goýujylar bilen aragatnaşyk saklamak üçin mümkinçilige eýe boldular;

• maýa goýum boýunça iň oňat tejribeli bilermenleriň mejlislerine gatnaşdylar.

Oňyn Bitaraplyk syýasatyny öňe sürýän Türkmenistan diýarymyzda geçirilen bu halkara çäre halklary bir-birege jebisleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigi bilen tapawutlandy.

Bägül DURDYÝEWA,

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.