24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. “Mekan” köşgüne ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmeginiň Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýändigi bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň birnäçe gezek tassyklanylmagy hem-de bitaraplygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň arasyndaky arabaglanyşygyň ählumumy derejede ykrar edilmegi dünýädäki ýagdaýlaryň häzirki çylşyrymly döwründe has-da möhümdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolup, onda parahatçylykly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini dowam etdirmeginiň, hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky teklibiniň möhüm başlangyçdygy nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

AMANOW Hydyr

  Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby