21-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly täze Kararnama kabul edildi.

Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna gutlag haty bilen ýüzlendi.

Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

«Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan bu Kararnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen diplomatiýasynyň gazanan ägirt uly üstünligidir. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda indi üçünji gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär.

Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir.

Hormatly adamlar!

Biz ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýarys. Dünýäniň we sebitiň parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy bilen bagly anyk tekliplerimizi öňe sürýäris, durnukly ulag, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýäris. Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen täze Kararnama hem alyp barýan syýasatymyzy mundan beýläk-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge gönükdirmäge borçlandyrýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny has-da artdyran şanly waka — “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk kadalaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýä giňişligindäki at-abraýy has-da pugtalansyn!».

 MERDANOWA Aýnur

  Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby