Awstraliýada ýürek näsazlygy bilen kesellän näsag emeli ýürek transplantasiýasy geçirilýänçä 100 günläp enjamsyz ýaşady. Öňki emeli ýürek transplantasiýalarynda bu döwür iň köp 27 gün boldy.

2024-nji ýylyň noýabr aýynda üstünlikli geçirilen operasiýada ahyrky ýürek näsazlygy bolan Awstraliýaly näsaga BiVACOR emeli ýürek goýuldy.

BiVACOR emeli ýürek näme?

BiVACOR kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen emeli ýürek, adamlara göçürilip bilinjek ilkinji emeli ýürekdir. Enjam ýokary tizlikli otlylarda ulanylýan MAGLEV (magnit göteriş) tehnologiýasyndan ylham alynyp döredildi. Onuň esasy hereket edýän bölegi bolan ýörite nasos dizaýny, gan aýlanyşyny üpjün etmek üçin magnit götermek ýörelgesini ulanýar.

Bu dizaýnda iki aýry nasos kamerasynda ýerleşýän çep we sag impeller pyçaklary bolan iki taraply rotor bar. Magnit göteriş ulgamy bilen işleýän bu rotor, sag kameradan öýkenlere we çep kameradan bedene gan akdyrýar.

BiVACOR emeli ýürekde “çep giriş” we “sag giriş” adalgalary gana enjamyň giriş nokatlaryny aňladýar we bu girelgeler tebigy ýüregiň arteriýasynyň işine meňzeýär. Çep port, kisloroda baý gan öýkenlerden emeli ýürege girýär. Beýleki port bolsa bedenden kislorodsyz ganyň emeli ýürege girýän ýeri bolup durýar. Bu hem sag atriumyň ýokarky we aşaky damarlaryň üsti bilen gan alýan tebigy ýürege meňzeýär.

Adam ýüreginde bar bolan klapanlaryň we arteriýasynyň ýerine BiVACOR emeli ýüreginde MAGLEV tehnologiýasy bilen aýlanýan rotor ulgamy ulanylýar. Bu ulgam gan aýlanyşyny üpjün edýär we adaty ýüregiň impulsyna meňzeş hereket döredýär.

BiVACOR emeli ýürek, esasanam ösen ýürek ýetmezçiligi hassalary üçin alternatiw bejeriş usuly hökmünde işlenip düzüldi.Uzak möhletleýin perspektiwada ýürek näsaglaryna donor ýürek transplantasiýasynyň zerurlygy bolmazdan ýaşaýşyny dowam etdirmegi maksat edinilýär.

   GYLYJOWA Maral Jeýhunowna

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina himiýasy kafedrasynyň mugalymy